Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar. Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr. Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň. Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer. Ýermeýa Rekabyň kowumlaryna Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýdi: «Siz ataňyz Ýonadabyň buýrugyna gulak asdyňyz, onuň ähli tabşyryklaryny berjaý etdiňiz, size buýran ähli zatlaryny ýerine ýetirdiňiz. Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Rekabyň ogly Ýonadabyň neslinden Meniň huzurymda hyzmat etjek adamlaryň sany hiç wagt kemelmez“». Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklaryny?» diýip sorady. Isa: «Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýip jogap berdi. Sen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“ diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi. Sen tabşyryklary bilýänsiň: adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. «Ene-ataňa hormat goý, şonda ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ömrüň uzak bolar» – bu Hudaýyň wada bilen beren ilkinji buýrugydyr. Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr. Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir. Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir. Şonuň üçin-de, dul aýallaryň müýnsüz bolary ýaly, olara bu ýazan tabşyryklarymy buýur. Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir.
Выбор основного перевода