Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Rebbiň Ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, dilimde Onuň sözleri. Atanyň Meniň adymdan iberjek Hemaýatçysy, ýagny Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder. Meniň size aýdan ähli sözlerimi ýadyňyza salar. Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin. Hemaýatçy gelen wagty dünýäniň günä, adalat we höküm babatda nähakdygyny subut eder. Günä baradaky hakykat şundan ybarat: adamlar Maňa ynanmaýarlar. Adalat babatda bolsa, Men Atamyň ýanyna gidýärin we mundan beýläk siz Meni görmersiňiz. Höküm babatda aýtsam, bu dünýäniň hökümdary şeýtan höküm edilendir. Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary! Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.
Выбор основного перевода