Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar. Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar), onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi. Gün doganda, şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on iki sanysyny saýlap, olary resullyga belledi. Olar şulardyr: Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy. Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir). Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär). Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Andrys bilen Petrus ýaly, Filip hem Betsaýda şäherindendi. Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi. Natanaýel oňa: «Nasyraly?! Ol ýerden, heý, bir oňly zat çykarmyka?!» diýdi. Filip hem oňa: «Ýör, görersiň!» diýdi. Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi. Natanaýel Ondan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Filip seni heniz çagyrmanka, Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berdi. Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi. Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.
Выбор основного перевода