Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Reb Ybraýyma: «Halkyň Sodom bilen Gomoranyň garşysyna edýän ahy-nalasyny eşitdim; olaryň günäleri juda agyrdyr. Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi. Şeýdip, adamlar ol ýerden gaýdyp, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym bolsa Rebbiň huzurynda durdy. Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?! Aýdaly, galada elli sany bigünä bar. Şol elli sany bigünä adamyň haky üçin oňa haýpyň gelmezmi? Sen şonda-da galany weýran edermiň? Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi. Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi. Ybraýym Ondan ýene-de: «Aýdaly, galadan diňe kyrk sanysy tapylýar, onda näme?» Ol: «Eger Men ol ýerden kyrk sany bigünä tapsam, onda ony weýran etmerin» diýdi. Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi. Ybraýym ýene-de ýüzlenip: «Men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Aýdaly, galada ýigrimi sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «Ýigrimi sany bigünäniň hatyrasy üçin Men galany weýran etmerin» diýdi. Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi. Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi. Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi. Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler. Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar. Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar. Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar. Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý, doganlar, gabahatlykdan el çekiň. Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi. Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar. Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar. Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler. Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk. Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi». Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler. Daň atandan soň perişdeler: «Gala weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar. Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar. Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi. Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym! Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn. Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn. Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn». Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men şol diýýän galaňy weýran etmerin. Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy. Gün doganda, Lut Sogara gelip ýetdi. Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi. Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi. Lutuň aýaly yzyna garady we şol bada duz sütünine öwrüldi. Ybraýym daň bilen turup, özüniň Rebbiň huzurynda duran ýerine gitdi. Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi. Emma Men saňa şuny diýýärin: kyýamat güni seniň ýagdaýyň Sodomyň ýagdaýyndan has beter bolar». Size aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom şäheriniň ýagdaýyndan has beter bolar. Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi. Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi. Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.
Выбор основного перевода