Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr. Ýanyňyza gapjyk-da, torba-da, çaryk-da almaň. Ýolda hiç kim bilen salamlaşmaň. Emma kyýamat güni siziň ýagdaýyňyz Sur bilen Sidonyň ýagdaýyndan has beter bolar! Gullukdaky esgerler öz hasabyna ýaşaýarlarmy? Eýsem miwesinden iýmejek bolsa, üzüm agajyny oturdýan barmy? Süri bakyp-da, onuň süýdüni içmeýän barmy? Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr. Çünki Mukaddes Ýazgylar: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň», «Işgär öz hakyna mynasypdyr» diýýär.
Выбор основного перевода