Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Mattanyň Hoş Habary
Параллельные места
Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş, Ýowaşdan Amazýa, Amazýadan Uzyýa, Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy. Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy. Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy. Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy. Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi.
Mattanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода