Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Mattanyň Hoş Habary
Параллельные места
Sara göwreli bolup, Ybraýymyň garran çagynda oňa bir ogul dogrup berdi. Ybraýym özüniň Saradan bolan oglunyň adyna Yshak dakdy. Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder. Ybraýymyň ogly Yshagyň nesilleri şulardyr. Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky mesopotamiýaly Betuweliň gyzy, mesopotamiýaly Labanyň aýal doganydy. Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy. Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady. Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar». Wagty dolup, Rebeka ekiz ogul dogurdy. Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw diýip at goýdular. Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady. Leýa ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol: «Indi men Rebbe alkyş aýdaryn» diýip, oglunyň adyna Ýahuda dakdy. Soňra ol çaga dogmakdan galdy. Eý, Ýahuda, eliň duşmanlaryňyň ýakasynda bolar, doganlaryň seni öwerler, ataňyň ogullary saňa boýun egerler. Eý, oglum Ýahuda, sen aw awlap, awuny iýip, dolanyp gelen şir balasy kiminsiň, sen şir dek, ene şir dek çökýäň-de ýatýaň. Şiri ýerinden gozgamaga milt edýän ýokdur. Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar. Ybraýymdan Yshak doguldy. Yshagyň ogullary: Ysaw we Ysraýyl.
Mattanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода