Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Mattanyň Hoş Habary
Параллельные места
Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady. Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Babyl patyşasy ýedi müň sany söweşijileri, müň sany hünärmentlerdir demirçi ussalary Babyla getirdi. Olaryň bary-da güýçli we urşa ukyply adamlardy. Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum. Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymdan Ýekonýa, Ýekonýadan Sidkiýa doguldy. Babyl patyşasy Nebukadnesaryň Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa we Ýahudanyň, Iýerusalimiň begzadalaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkidende alyp gitmedik zatlary: sütünler, howuz, araba we beýleki gap-gaçlar bar. Hökmürowan Reb olar hakda söz açýar. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlarynyň, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklar bilen beýleki galan ilatyň baryny ýesir edip äkitdi. Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.
Mattanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода