Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Mattanyň Hoş Habary
Параллельные места
Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy. Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar». Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi. Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. Reb Dawut bilen ygtybarly äht baglaşdy, Ol eden ähtinden dänmez: «Seniň zürýatlaryňdan birini oturdaryn seniň tagtyňda. Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer. Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler. Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi. Şeýlelikde, Hudaý Öz beren wadasyna görä, Dawudyň neslinden Isany ysraýyl halkyna Halasgär edip iberdi. Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi. Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.
Mattanyň Hoş Habary
Выбор основного перевода