Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler. Beýlekiler bolsa: «Bu – Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler. Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler. Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler.
Выбор основного перевода