Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. Mähelle has köp üýşende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesildir. Olar alamat talap edýär, emma olara Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň?
Выбор основного перевода