Mattanyň Hoş Habary 12:39
Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi.
Mähelle has köp üýşende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesildir. Olar alamat talap edýär, emma olara Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.