Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy. Şägirtleri agşam Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, halky goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. Isa olara: «Gitmegiň geregi ýok, olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler. Isa: «Olary şu ýere – Meniň ýanyma getiriň» diýdi. Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Mundan iýenleriň sany aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy. Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. Halky goýber, töwerekdäki obalara gidip, özlerine iýmäge zat satyn alsynlar» diýdiler. Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler. Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy. Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady. Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. Çörekleri iýen erkekleriň sany bäş müň adamdy. Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler. Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler. Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy. Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi. Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
Выбор основного перевода