Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn. Eý, patyşa, sen bir gözegçi perişdäniň gökden aşak inip gelýänini gördüň. Ol: „Agajy kesip, ony ýok ediň, emma onuň köküniň we damarynyň daşyna demir hem bürünç aýlap, meýdan otlarynyň içinde goýuň. Üstünden ýedi pasyl geçýänçä, goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn we çöl haýwanlary bilen bile paý alsyn“ diýdi. Eý, patyşahym, düýşüň ýorgudy şudur: Beýik Hudaýyň emr eden hökümi geljekde seniň başyňdan iner. Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar. Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular.
Выбор основного перевода