Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Iýip-de, öz iýýäni barada şübhelenýän adam eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol öz imanyna görä hereket edýän däldir. Imana görä edilmedik zat günädir. Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir. Eýsem biz ýygnaga degişli bolmadyklaryň üstünden höküm çykarmalymy näme? Olaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Biz diňe ýygnaga degişli bolanlaryň üstünden höküm çykarmaly. «Siz öz araňyzdan pislik edýäni aýryp taşlaň». Eýsem biz ýygnaga degişli bolmadyklaryň üstünden höküm çykarmalymy näme? Olaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Biz diňe ýygnaga degişli bolanlaryň üstünden höküm çykarmaly. «Siz öz araňyzdan pislik edýäni aýryp taşlaň». Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň. Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz. Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.
Выбор основного перевода