Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa ýene kölüň ýakasyna gitdi. Tutuş halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara öwretmäge başlady. Isa şägirtleri bilen kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi. Onuň bitiren işlerini eşidip, Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Sidon töwereklerinden uly mähelle ýanyna geldi. Isa mähelläniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy. Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi. Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy.
Выбор основного перевода