Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär. Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. Ekin ösüp hasyla duranda, haşal ot hem peýda bolýar. Ýer eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Hojaýyn, sen atyzyňa oňat tohum sepmänmidiň? Bu haşal otlar nireden peýda bolduka?“ diýip soraýarlar. Hojaýyn: „Bu duşmanyň işidir“ diýip jogap berýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary sogrup taşlamagymyzy isleýäňmi?“ diýip soraýarlar. Emma hojaýyn: „Ýok, haşal oty sogurjak bolup, bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär. Onsoň Isa halky ugradyp, öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündirip bersene» diýdiler. Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr. Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir. Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir. Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar. Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar. Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»
Выбор основного перевода