Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Emma patyşa oňa: «Ýok, men olaryň bahasyny tölejek. Mugt düşen zady Hudaýym Rebbe gurbanlyk berjek däl» diýdi. Şunlukda, Dawut harman ýeri bilen öküzleri elli kümüş teňňä satyn aldy. Hudaýyň Iýerusalimdäki ýygnaklaryna pul ýardamyny bermek barada size ýazmagyň geregi ýok. Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi. Men doganlara siziň taýýardygyňyz we pul kömeginiň eýýäm ýygnalandygyny aýdypdym. Ine, şu zatlara göz ýetirmek üçin, olary siziň ýanyňyza iberýärin. Men siz baradaky magtanjymyň ýalan bolup çykmagyny islämok. Ýogsa makedoniýalylar meniň bilen baryp-da, siziň taýýar däldigiňizi görseler, siz babatda şeýle ynamly gürlänimize gaty utanarys. Siz barada gürrüň-de ýok! Şoňa görä-de, wada edilen hemaýatyňyzyň taýýardygyna göz ýetirmek üçin, özüm barmazdan öň doganlarymyzy ýanyňyza ibermeli diýen karara geldim. Ýöne men hemaýatyňyzyň mejbury däl--de, göwünjeňlik bilen berlen peşgeş bolmagyny isleýärin. Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.
Выбор основного перевода