Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň. Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir; eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun, iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun! Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar. Ony agdaryp, daşlardan arassalady, saýlama üzümler ekdi. Ortasynda gözegçilik diňini dikdi, üzüm sykmak üçin çukur gazdy. Üzüm hasylyna garaşdy, emma ol ýabany üzüm berdi. Indi, eý, Iýerusalim ilaty, Ýahuda halky! Men bilen üzümçiligimiň arasynda kazylyk ediň. Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi? Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar. Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn. Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi. Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar. Onsoň şägirtler Isadan: «Näme üçin halka tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýip soradylar. Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler. Şeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz. Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.
Выбор основного перевода