Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi. Aga-ini bile ýaşaýan bolsa, olaryň biri ölse we onuň hem ogly ýok bolsa, ol merhumyň aýaly başga bir kesekä äre gitmesin. Ol öleniň dogany onuň ýanyna girip, oňa öýlenmelidir we oňa doganynyň ärlik borjuny ýerine ýetirmelidir. Ol aýalyň dogran ilkinji oglunyň adyna ölen doganynyň adyny daksyn. Şonda ol merhumyň ady Ysraýyldan öçüp gitmez. Nagomy: «Gaýdyň gyzlarym! Siz näme üçin meniň bilen gitjek?! Indi men size öýlener ýaly ogul dogrup bilmen ahyryn. Gyzlarym, yzyňyza gaýdyň, öz ýoluňyz bilen gidiň! Men indi äre barardan garry. Eger-de: „Mende entek umyt bar“ diýip, edil şu gijäniň özünde meniň adamym bolup, ýene ogullary dünýä inderäýenimde-de,
Выбор основного перевода