Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi. Eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. Emma Rebbiň guly Musanyň size beren buýruklaryny we kanunyny doly berjaý ediň. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, ähli ýerde Onuň ýolundan ýöräň, tabşyryklaryny ýerine ýetiriň, Oňa bil baglaň we bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk ediň». Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz we düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň». Şeýle hem: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýdi. Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň.
Выбор основного перевода