Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, öwretmäge başlady. Ol ýahudylaryň sinagogalarynda halka öwretmäge başlady, hemmeler Oňa öwgi aýdýardylar. Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi. Isa fariseýlerden we Töwrat mugallymlaryndan: «Sabat güni bir hassa şypa bermeklik kanuna dogry gelýärmi ýa-da ýok?» diýip sorady. Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi. Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.
Выбор основного перевода