Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň. Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder. Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin. Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär. Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.
Выбор основного перевода