Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi. Pawlus oňa: «Seni Hudaý urar, eý, ýüzi aklanan diwar! Özüň-ä meniň üstümden kanuna görä höküm çykarmak üçin otyrsyň, soňam bolsa kanuny bozup, meni urmagy buýurýarsyň» diýdi. Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň. Aslynda biri-biriňiz bilen kazyýetde dawalaşmagyň özi siziň eýýäm ýeňlendigiňizi habar berýär. Eýsem haksyzlyga çydanyňyz gowy dälmi? Talaňa çydanyňyz gowy dälmi? Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doňýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň. Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer. Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
Выбор основного перевода