Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi. Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler. Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, mähelläniň içi bilen Onuň arka tarapyndan geldi we donuna elini degirdi. Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi. Ol Isanyň arka tarapyndan baryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobada gan akmasy kesildi.
Выбор основного перевода