Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň Iýerusalimde doglan çagalarynyň atlary şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan, Süleýman, Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşebadan bolan dört oguldylar. Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman, Ýurtda her kowumyň maşgalasy özbaşdak, aýallary aýry, erkekleri aýry ýas tutar: Dawudyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Natanyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym». Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi. Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagomy üçin bir ogul doguldy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr. Ysraýylyň ogullary şulardyr: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Dan, Ýusup, Benýamin, Naftaly, Gat we Aşer.
Выбор основного перевода