Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa bolsa köplenç ýeke Özi çola ýerlere gidip, Hudaýa doga okaýardy. Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi. Bir gün Isa ýekelikde Hudaýa doga okaýardy, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady. Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy. Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi.
Выбор основного перевода