Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men. Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer. Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm. Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi. Şan-şöhratly Hudaýdan Oňa: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn» diýen ses gelende, Ogul Atamyz Hudaýdan hormat we şöhrat kabul etdi.
Выбор основного перевода