Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi. «Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy. Ýa Siloýam minarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzda dälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köp ýazyklydyr öýdýäňizmi? Ol: «Isa diýen Adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloýam howzuna git-de, ýuwun“ diýdi. Men hem gidip ýuwundym welin, gözlerim açylaýdy» diýip jogap berdi. Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan Adam Lazary-da ölümden alyp galyp bilmezmidi?» diýişdiler. Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy. Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan merhum mazardan çykdy. Isa olara: «Onuň kepenini aýryň, goý, gitsin» diýdi.
Выбор основного перевода