Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Emma Isa olara: «Meniň Atam şu güne çenli Öz işini edip gelýär, Men hem Öz işimi edýärin» diýip jogap berdi. Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Hawa, Ol Ogla mundan hem beýik işleri görkezer, şonda hemmäňiz muňa haýran galarsyňyz. Isa olara: «Gündiz on iki sagatdan ybarat dälmi? Kim gündiz ýörese büdremez, sebäbi ol bu dünýäniň nuruny görýändir. Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň. Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň. Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris. Şunlukda, ukudaky adamlar ýaly bolmalyň. Tersine, oýa we hüşgär bolalyň. Çünki uklaýanlar gije uklaýandyrlar, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyrlar. Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.
Выбор основного перевода