Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, onda näme umyt bolsun? Üstüne betbagtçylyk abananda, Hudaý onuň perýadyny eşidermi? Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Eger ýüregimde günä bolsady, onda Taňry maňa gulak goýmazdy. Reb erbetlerden daşdadyr, dogruçyllaryň dogasyny bolsa eşidýär. Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir. Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr. Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin. Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler. Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Gaýtam, Ol Özünden gorkany we dogry iş eden her kesi milletine garamazdan kabul edýändir. Şäherden-şähere aýlanyp, arwah-jynlary kowup çykarýan käbir ýahudylar topary hem bardy. Olar arwah-jyn eýelänlere Reb Isanyň ady bilen şypa bermäge synanyşyp: «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler. Ýahudylaryň Skewa atly baş ruhanysynyň ýedi ogly-da bu iş bilen meşgullanýardy. Bir gezek arwah-jyn olardan: «Isany tanaýaryn, Pawlusy-da bilýärin, ýöne siz kim?» diýip sorady. Onsoň erbet ruh eýelän adam olaryň üstüne topulyp, ählisini basdy. Şonda olar bu öýden ýalaňaç hem ýaraly gaçyp gitdiler.
Выбор основного перевода