Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler. Şeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz. Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr. Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi. Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin. Siz ynsan ölçegi bilen höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn. Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin. Sözlerimi eşidibem, olary berjaý etmedigiň üstünden höküm çykarmaryn. Sebäbi Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim. Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz. Siz perişdeleriň üsti bilen Hudaýyň kanunyny alsaňyz-da, oňa tabyn bolmadyňyz».
Выбор основного перевода