Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Her Pesah baýramynda häkim halkyň haýyşy bilen bir tussagy boşatmagy adat edinipdi. Şol wagtlar Ýeşuwa Barabbas diýen ady belli biri tussaglykda ýatyrdy. Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilat olardan: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Ýeşuwa Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady. Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden meniň haýsyny boşatmagymy isleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar hem: «Barabbasy» diýip jogap berdiler. Pilat olara: «Onda men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olaryň hemmesi biragyzdan: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar. Pilat her Pesah baýramynda halkyň haýyşy boýunça bir tussagy boşadýardy. Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussag edilen Barabbas atly biri bardy. Halk Pilatyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, özleri üçin bir tussagy boşatmagyny soramaga başlady. Onsoň Pilat olara jogap berip: «Siziň üçin ýahudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip sorady. Ol ýolbaşçy ruhanylaryň Isany göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady. Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olardan: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar. Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi. Emma ähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdy. Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndana salnypdy. Pilat Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi. Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. Emma olar seslerini has gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler we olaryň sesi üstün çykdy. Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi. Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.
Выбор основного перевода