Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut. Baş ruhany Hanany Pawlusyň ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy. Pawlus oňa: «Seni Hudaý urar, eý, ýüzi aklanan diwar! Özüň-ä meniň üstümden kanuna görä höküm çykarmak üçin otyrsyň, soňam bolsa kanuny bozup, meni urmagy buýurýarsyň» diýdi. Pawlusyň ýanynda duranlar ondan: «Sen näme üçin Hudaýyň baş ruhanysyna dil ýetirýärsiň?» diýip soradylar. Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmändirin. Ýogsam Mukaddes Ýazgylarda hem: „Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme“ diýip ýazylan» diýdi.
Выбор основного перевода