Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, Töwrat mugallymlary bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar. Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Ähli ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular we Töwrat mugallymlary ol ýere ýygnanypdylar. Hanan bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda Zekarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi aýan boldy. Ol çölde ýaşaýardy. Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi. Onsoň Hanan Isanyň elini daňdyryp, Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna iberdi. Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr. Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir. Olaryň arasynda şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa-da bardy. Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. Ähli halkyň heläk bolanyndan, bir adamyň halk üçin ölmegi size örän bähbitlidir. Siz näme muňa düşüneňzokmy?» diýdi.
Выбор основного перевода