Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär. Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr. Kim Hudaýa degişli bolsa, Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, sebäbi siz Hudaýa degişli dälsiňiz». Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň huzurynda we Pontiý Pilatyň öňünde diňe Hudaýa bil baglaýandygyny tassyklan Isa Mesihiň huzurynda saňa şulary tabşyrýaryn: Şonda biz özümiziň hakykata degişlidigimizi bileris we Hudaýyň huzurynda biziň wyždanymyz päk bolar. Eger wyždanymyz bizi ýazgaraýsa-da, Hudaý ondan beýikdir, Ol hemme zady bilýändir. Biz bolsa Hudaýa degişlidiris. Kim Hudaýy tanaýan bolsa, bize gulak asar. Kim Hudaýdan bolmasa, bize gulak asmaz. Hakyky Ruh bilen ýalan ruhy, ine, biz şeýdip saýgarýarys.
Выбор основного перевода