Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Men size rahatlyk goýup barýaryn, Öz rahatlygymy size berýärin. Men muny dünýäniň berşi ýaly bermeýärin. Ýüregiňiz gussa batmasyn, gorkmaň. Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk. Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris. Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi. Umuman, Isa Mesihe eýerip, Hudaýyň ýörelgesine laýyklykda ýaşamak isleýänleriň bary yzarlanmalara sezewar bolar. Çünki Hudaýyň her bir perzendi dünýäni ýeňmegi başarýandyr. Biz dünýäniň üstünden bu ýeňşi imanymyz arkaly gazanýarys. Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.
Выбор основного перевода