Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn. Soňra Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz şu gijäniň özünde Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler. Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler. Meni Iberen Meniň bilendir, Ol Meni ýeke taşlap gitmedi. Sebäbi Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi.
Выбор основного перевода