Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Şonuň üçin size diýýärin: doga-dileg edip, Hudaýdan soran her bir zadyňyzy eýýäm alandygyňyza ynanyň, ol size berler. Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. Hawa, Meniň adym bilen Menden näme dileseňiz, dilegiňizi berjaý ederin. Şol gün Meniň Atadadygymy, siziň Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigime göz ýetirersiňiz. Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris. Onuň ähli dileglerimizi eşidýändigini bilýän bolsak, Ondan dilän zadymyzy aljakdygymyzy-da bilýändiris.
Выбор основного перевода