Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Isa bu zatlaryň baryny halka tymsallar bilen aýdýardy. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy. Isa halka düşünip biljek derejesinde şunuň ýaly köp tymsallar arkaly gürrüň berýärdi. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi. Şeýdip, Isa olara bu tymsaly gürrüň berdi, emma olar munuň manysyna düşünmediler. Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz. Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim. Isa ejir çekip ölenden soň, ençeme ynandyryjy deliller arkaly resullara direlendigini aýan etdi. Ol kyrk günüň dowamynda olara görnüp, Hudaýyň Şalygy barada gürrüň berdi.
Выбор основного перевода