Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň. Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň. Her ýyl ýedinji aýda ýedi günläp Rebbiň şanyna baýram belläň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgündir. Ýedi günläp çatmalarda ýaşaň, Ysraýylyň ähli ýerli halky çatmalarda ýaşasyn. Eger şeýle etseňiz, Meniň ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanymdan soň, olary çatmalarda ýaşadandygymy siziň nesilleriňiz bilerler. Hudaýyňyz Reb Mendirin“». Mürze Ezra ýörite şu maksat üçin gurlan agaç sekiniň üstünde durdy. Onuň sag gapdalynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Magaseýa, çep gapdalynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Malkyýa, Haşum, Haşbadana, Zakarýa we Meşullam dagy durdular. Ezra bütin halkyň gözüniň alnynda kitaby açdy. Ol hemmeden ýokarda durdy. Ol kitaby açanda, bütin halk ör turdy. Onsoň Ezra Beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler. Soňra olar ýerlerinden turup, hersi öz ýerinde durdular. Lewiler: Ýeşuwa, Bany, Şerebýa, Ýamyn, Akup, Şabetaý, Hodyýa, Magaseýa, Kelita, Azarýa, Ýozabat, Hanan, Pelaýa dagy halka kanuny düşündirdiler. Olar kitapdan, Hudaýyň kanunyndan jikme-jik okap, onuň manysyny halka düşündirdiler. Kanunyň sözlerini eşidende, halk aglady. Onsoň häkim Nehemýa, ruhany hem mürze Ezra we kanuny düşündirýän lewiler halka ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Bu gün Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes gündür. Şonuň üçin ýas tutup aglaşmaň! Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer». Şeýdip, lewiler: «Ümsüm boluň, bu gün mukaddes gündür, gamgyn bolmaň!» diýip, halky köşeşdirdiler. Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler. Ikilenji gün bütin halkyň urugbaşylary, ruhanylardyr lewiler bilen bile mürze Ezranyň ýanyna kanunyň sözlerini öwrenmäge üýşdüler. Olar kanunda: «Ysraýyl halky ýedinji aýda baýramçylyk döwründe çatmalarda ýaşasyn. „Daglara çykyp, zeýtun, igde, mirt, palma we beýleki gyrymsy agaçlaryň şahalaryny getirip, kanunda ýazylyşy ýaly çatma guruň!“ diýip, özleriniň ähli galalarynda we Iýerusalimde jar çekdirip mälim etmeklerini Reb Musa arkaly tabşyrdy» diýlen ýazgyny tapdylar. Olar kanunda: «Ysraýyl halky ýedinji aýda baýramçylyk döwründe çatmalarda ýaşasyn. „Daglara çykyp, zeýtun, igde, mirt, palma we beýleki gyrymsy agaçlaryň şahalaryny getirip, kanunda ýazylyşy ýaly çatma guruň!“ diýip, özleriniň ähli galalarynda we Iýerusalimde jar çekdirip mälim etmeklerini Reb Musa arkaly tabşyrdy» diýlen ýazgyny tapdylar. Onsoň adamlar şahalar getirip, her kim öz öýüniň üçeklerinde, howlularynda, Hudaýyň öýüniň howlularynda, Suw derwezesiniň, Efraýym derwezesiniň ýanyndaky meýdançalarda özlerine çatma dikdiler. Ýesirlikden gaýdyp gelenleriň ählisi çatma dikip, onda wagtlaýyn boldular. Çünki Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli ysraýyl halky beýle zat etmändi. Olar şeýle uly şady--horramlyk etdiler. Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwradyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi. Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur. «Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym. «Seni Müsürden çykaran Hudaýyň Reb Mendirin. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur!
Выбор основного перевода