Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler. «Bu ogul atasynyň hiç bir etmedik ýamanlyklaryny edip, ýagşy işleriň gyrasynda görünmez, gaýtam, daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýer, goňşusynyň aýaly bilen zyna eder. «Bu ogul atasynyň hiç bir etmedik ýamanlyklaryny edip, ýagşy işleriň gyrasynda görünmez, gaýtam, daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýer, goňşusynyň aýaly bilen zyna eder. Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder. Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar. Şundan soňra ol ünsüni kenar ýakasyndaky şäherlere tarap öwrer we olaryň köpüsini basyp alar. Ýöne bir serkerde onuň kemsitmeleriniň soňuna çykar, gopbamsylygy üçin jezasyny berer. Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».
Выбор основного перевода