Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň». Ata-babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden tä şu güne çenli Men siziň ýanyňyza gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini her gün yzly-yzyna iberdim. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna bir matal ber, bir tymsal aýt. Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Olar men hakda „Aý, ol özünden toslap tapýar-laý!“ diýişýärler» diýdim. Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.
Выбор основного перевода