Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Häzir bolsa Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin faraonyň ýanyna ibereýin» diýdi. Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy. Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler. Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy. Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir. Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň. Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň, olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň. Onuň sesini eşidibem pitne turzanlar kimlerdi? Eýsem bular Musanyň Müsürden çykaranlary dälmidi?
Выбор основного перевода