Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr. Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler. Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler. Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçigöwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi. Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçigöwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi. Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy? Içen antyna biperwaý garandygy, eden ähtini bozandygy üçin Öz barlygymdan ant içýärin: ol özüni patyşa edip, tagtda oturdan patyşanyň mekany bolan Babylda öler. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Babyllylar köp janlary gyrmak üçin berkitmeler salyp, ýapgytlar guranlarynda, güýçli goşuny we uly ýygny bolsa-da, faraon oňa söweşde ýardam etmez. Ol eden ähtini bozdy, içen antyna biperwaý garady; ol söz beren hem bolsa, bu işleri etdi; indi ol gutulmaz“». Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz barlygymdan ant içýärin! Men ol tarapdan biperwaý garalan antymy we bozulan ähtimi onuň öz başyna getirerin. Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.
Выбор основного перевода