Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Görşüme görä pislik sürümini geçirip, hasraty ekýänler, şony-da orýandyrlar. Şonuň üçin Reb ýahuda halkyna we Iýerusalim ilatyna şeýle diýýär: «Sürülmedik ýeriňizi sürüň, tikenleriň arasyna ekin ekmäň. Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär. Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar. Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr. Öz höweslerini kanagatlandyrmak isleýän özüni weýran eder. Emma Mukaddes Ruhy kanagatlandyrmak isleýän baky ýaşaýşy alar.
Выбор основного перевода