Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Şeýle hem özüňize dikme daşlary gurmaň, çünki bu zatlar Hudaýyňyz Rebbiň ýigrenýän zatlarydyr. Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň. Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy. Daglar bürendi onuň saýasyna, äpet kedr daragty – şahalaryna. Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny. Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna? Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz. Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur. Iş üçin ondan agaç alynýarmy? Ýa üstünden bir zat asmak üçin asgyç ýasalýarmy? Ol odun hökmünde ýakylýar. Ot onuň iki ujuny ýakyp, ortasyny garaldansoň, ol derde ýararmy? Abatka derde ýaramadyk zat, oda ýanyp garalansoň derde ýararmy?» Men gapdalyňdan geçenimde, seniň öz ganyňa bulaşyp ýatanyňy görüp: ‘Diri gal!’ diýdim. Seni meýdan ösümligi kimin ösdürdim, sen ösüp, kemala geldiň, aňrybaş gözellige ýetdiň, göwüsleriň tözlenip, saçyň uzyn boldy, ýöne sen alaň-açyk we ýalaňaçdyň. Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Seni suwa düşürdim, ganyňy ýuwup arassaladym we zeýtun ýagyny çaldym. Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim. Seni şaý-sepler bilen bezedim, bilegiňe bilezikler, boýnuňa zynjyr dakdym. Burnuňa ysyrga, gulaklaryňa gulakhalkalar dakyp, başyňa gözellik täjini geýdirdim. Sen altyn-kümüş bilen bezeldiň, eşigiň nepis zygyr mata, gymmatbahaly we keşdeli matady. Höregiňe oňat un, bal we ýag iýdiň, owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň. Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Hudaýyňyz Reb Mendirin!“ diýip ant içen günümdir. Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim. Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar. Efraýym günä gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.
Выбор основного перевода