Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler. Bu zatlar bolýan wagty men Iýerusalimde däldim, sebäbi Babyl patyşasy Artakserksiň otuz ikinji ýylynda men onuň ýanyna gitdim. Biraz wagt geçensoň, men patyşadan rugsat alyp, Iýerusalime dolandym. Gelibem, Elýaşybyň Hudaýyň öýüniň howlularynda Tobyýa üçin bir otag taýynlap, nädogry iş edendigini eşitdim.
Выбор основного перевода