15
Mispa etrabynyň häkimi Kolhozeniň ogly Şallum Bulak derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň üstüni basyrdy, gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdy. Şeýle hem ol patyşa bagynyň ýanyndaky Şela howzunyň diwaryny tä Dawut şäherinden aşak inýän basgançaklara barýança gurdy.