Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar. Hizkiýanyň beýleki işleri, görkezen edermenlikleri, onuň howdan we ýap gazyp, olardan şähere suw getirişi barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalimiň etrabynyň ýarysynyň häkimi Huruň ogly Repaýa dikeltdi. Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalim etrabynyň galan ýarysynyň häkimi Halloheşiň ogly Şallum we onuň gyzlary dikeltdiler. Onuň gapdalyndaky diwar bölegini lewiler dikeltdiler: Banynyň ogly Rehum onuň gapdalyndaky diwary dikeltdi; Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Haşabýa öz etraby üçin bir diwar bölegini dikeltdi. Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
Выбор основного перевода